Koronawirusyň täze mutasiýasy ýüze çykan ýagdaýynda, bar bolan sanjymlar
ýeterlik derejede täsir edip bilmez, sanjym edilen adamlarda we syrkawlanlarda
immun ýady mehanizminiň işlejekdigine we organizimi gorajakdygyna ynanmaga
esas bar-diýip Ierusalimdaky Hadassa Eýn-Kerem keselhanasynyň uniwersitet
klinika bölüminiň müdiri professor Polina Stepenskaýa aýtdy.
Immunologyň pikiriçe, häzirki wagtda sanjymlaryň,bar bolan mutasiýa garşy
täsirliligine şübhelenmäge esas ýok.
"Koronawirusdaky mesele – biziň immun ulgamymyz onuň bilen ilkinji gezek
çaknyşmagydyr. Immun ulgamyň onuň nämedigini bilen pursatynda, indiki
çaknyşyk has aňsat bolar, sebäbi bizde immun ýady öýjüklerimiz bar. Iň esasy zat
antikorlar däl , immun ýadynyň öýjükleriniň öndürilmegidir "-diýip, professor
Stepenskaýa aýtdy.