Dem alyş we hereketli maşklary, fiziki bejergi we pyýada ýöreýişler
depressiw ýagdaýlary ýeňip geçmäge kömek edip biler.
“Aladaly-depressiw ýagdaýdan çykmak üçin haýsydyr bir, hereketlendiriji
maşklary, ýagny sagaldyş bedenterbiýasyny we, gezelenç etmeli. Dem alyş
maşklaryny ýerine ýetirmek hökmandyr, sebäbi olar adamlaryň emosional
ýagdaýyny ep-esli gowulaşdyrýar "-diýip, psihiatr, psihoterapewt, psiholog,
lukmançylyk ylymlarynyň doktory Žanna Gardanowa aýtdy.
Şeýle hem lukman ýakymly yslary sebäpli adamyň emosional ýagdaýyna
oňyn täsir edýän we aladany aýyrýan hoşboý ysly ýaglary ulanmagy maslahat
berdi.
“Mysal üçin, gülüň, arça agajynyň ýagy, şetdaly ýa-da geranium ýaglary.El
ýalyga bir damja damdyryp,döş jübüňde goýmak ýeterlikdir –ol öz bejeriş täsirini
hökman ýetirer "-diýip,Žanna Gardanowa belläp geçdi.