Irdenki gözüň töweregindäki çişlerden gorkmaň, köplenç olary aýyrmagy
sowuk suw bilen ýuwmak kömek edýär. Şeýle proseduradan soň çişler aýrylmasa,
dogry iýmitlenmek we suw içmek düzgünleri arkaly düzedip bolar.Bu barada
Hindistandan diýetolog lukmany Puja Mahija gürrüň berdi.
Şeýlelik bilen, hünärmen gök önümleri we miweleri gündelik iýmitleniş
düzgüniňize goşmagy, bedeniň suwuklyk ýygnamagyny bes etmegi üçin günde
azyndan iki litr suw içmegi maslahat berýär. Mundan başgada kofe, alkogol we
energetiki içgileriniň mukdaryny çäklendirmeli, sebäbi tersine,olar bedenden
suwuklygy aýyrýarlar.
Diýetilog ukmany,gözüň aşagyndaky çişleriň çynlakaý keseliň alamaty bolup
biljekdigini,eger uzak wagtlap dowam etse ýa-da agyryp başlasa,hökman lukmana
ýüz tutmaly diýip maslahat berdi.