Türkiýäniň Izmir şäherinde öýsüz pişik syrkaw pişijiklerini adamlara ideg
etdirmek üçin hassahana getirdi.
Edaranyň administrasiýasy sosial ulgamlarda aladaly ene pişigiň, Karabaglar
sebitindäki keselhananyň koridorynda pişijegi göterip barýan wideosyny paýlaşdy.
Daily Sabah habar gullugynyň habaryna görä, çaga pişijegi ofisde ýyly ýer bilen
üpjün edilipdir we birnäçe günden soň pişik dişlerinde ýene iki sany pişijegini
getiripdir.
Lukmanlar we şepagat uýalary pişikleriň göz açmagyna päsgel berýän göz
infeksiýasynyň bardygyny anykladylar. "Ynsan" lukmanlary pişijeklere ilkinji
kömegi berdiler, soň bolsa tutuş pişikler maşgalasyny weterinarlara berildi
.Weterinarlar pişijikleri bejerdiler we eýýäm olary saklamak üçin maşgala
gözleýärler.
“Biz bu pişigi bilýäris. Ol şu golaýlarda gezýär we biz oňa iýmit, suw
berýäris. Ýöne onuň pişijikleri dogurandygyny bilmeýärdik "-diýip, klinikanyň
işgäri žurnalistlere aýtdy.
Türkiýede bir pişik özüniň näsag pişijeklerini hassahana getirdi
