Tesla müşderilere elektrik ulaglary üçin bitkoin bilen tölemäge rugsat berdi.
Awtoulag kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask bu barada Twitterde ýazdy.
Awtoulag öndürijisiniň web sahypasynda görkezilen nyrh boýunça esasy
Model S (79,990 dollar) bir ýarym bitkoin (1.43982) töweregi bolar. Edil häzirki
wagtda diňe ABŞ-nyň ýaşaýjylary kriptowalýuta bilen elektrikli awtoulag satyn
alyp bilerler. Munuň üçin ýörite QR koduny skanirlemeli ýa-da bitkoin salgysyny,
şeýle hem töleg mukdaryny girizmeli. Diňe bir bitkoin gapjygyndan töläp edip
bilersiňiz.
Şeýle-de bolsa, Tesla eýýäm kriptowalýutadan 1,08 milliard dollar gazandy.
19-njy fewralda onuň mukdary 2,58 milliard dollara ýetdi. Şeýlelikde, Bitkoin
Tesla üçin awtoulag satuwyndan has girdejili boldy. 2020-nji ýylda awtoulag
ägirdine 721 million dollar girdeýji getirdi. Tesla, portfelindaky bitkoinlar boýunça
köpçülikleýin kompaniýalaryň ikinjisi bolýar. MicroStrategy Inc sanawyň
öňdebaryjysy bolmagynda galýar.
Ilon Mask Tesla-ny bitkoin bilen satyn almaga rugsat berdi
