Häzirki wagtda Halkara kosmos stansiýasynda (HKS) ýerleşýän Russiýanyň
ýük kosmos gämisi “Progress MS-14” bu toparyň kosmos gämileriniň iň uzak uçuş
wagty boýunça rekordyny täzeledi.
Geçen ýyl 25-nji aprelde işe girizilen “Progress MS-14” kosmosda 337
günden gowrak wagt bäri işleýär. Kosmos gämisiniň diňe 27-nji aprelde HKS rus
segmentiniň Zvezda modulyndan aýrylmalydygy, uçuş wagtynyň bir ýyldan
gowrak boljakdygy bellendi.
Öňki rekord 1993-1994-nji ýyllarda, şol sanda Mir stansiýasynyň bir bölegi
hökmünde orbitada uçup giden “Progress M-17” kosmiki gämisine degişlidi.
Mundan öň rus kosmonawty Sergeý Korsakowyň ýakyn wagtda Amerikanyň
kosmos gämisi “Crew Dragon”-da HKS-e gidip biljekdigi habar berildi.
“Biz garyşyk düzümdäki ekipaž bien uçuşlary amala aşyrmagy niýet edýäris.
Ýagny, “Roscosmos”-yň kosmonawty Crew Dragonda NASA astronawty biziň
kosmiki gämimizde. Sergeý, Crew Dragon-a ilkinji uçan dalaşgärlerden biridir. Şol
bir wagtyň özünde, NASA-da kosmos enjamlaryny öndürmek üçin zerur çäreleri
eýýäm geçdi"-diýip Kosmonawtlary taýýarlaýan merkeziň ýolbaşçysy Pawel
Wlasow aýtdy.
Rus kosmos gämisi iň uzak uçuş rekordyny täzeledi
