Xiaomi -niň baş direktory Lei Jun, kompaniýanyň Mi MIX liniýasyna
dolanmak isleýändigini fewral aýynda habar berdi. Bir aý soňra, kompaniýa bu
markanyň täze modeliniň tanyşdyrlyşyny anons etdi.
Şeýle hem, kompaniýa täze Mi MIX -iň esasy aýratynlygy barada aýtdy
–onda “suwuk” linzaly kamera bolar. Adaty aýnanyň ýerine, elektrik
energiýasynyň täsiri bilen görnüşini üýtgedýän, obýektiwde ýörite material
ulanylýar. Şeýlelik bilen, uly kameralaryň obýektiwkalarynda bolşy ýaly, fokus
aralygyny hereketlendirýän bölekler bolmadan üýtgedip bilersiňiz.
Linza bada-bat görnüşini üýtgedýär, şonuň üçin fokusirlemek we fokus
aralygyň üýtgemegi saklanmadan işlär. Bu obýektiw kiçijik görnüşli synly adaty
kamera ýaly işlär. Ýakynlaşmak üçin teleobýektiw ýa-da ownuk zatlary ýakyn
surata düşürmek üçin makro kamera hökmünde işläp biler. Xiaomi iki-üç
obýektiwly smartfon kameralaryny bir modul bilen çalyşmagyň usulyny tapana
meňzeýär.
Täze Xiaomi Mi MIX «suwuk» linzaly ilkinji smartfon bolar
