Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň
söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit
koksuny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. OYR-nyň
wekilleri hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň degişli kärhanalarynda öndürilen
EKO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Mundan başga-da, polietilen russiýaly
we owganystanly işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri daşary ýurt puluna nah ýüplügi satyn
aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million dollaryna golaý boldy.
Manat serişdelerine Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 878 müň
manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 10 million 574 müň
manatlykdan gowrak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynda öndürilen polipropilen haltalary, parafin gaçy, aglomerat we
polipropilen plýonkasy üçin çig maly satyn aldylar.
Türkmenistanyň birža täzelikleri
