Hünärmen çylşyrymly soraglara jogap tapmaga we durmuşyň kyn
ýagdaýlaryny ýeňip geçmäge kömek etjek filmleri sanap geçdi
“SberZdorowýe“ hyzmatynyň psihoterapewti Gurgen Haçaturýanyň RIA
Nowosti habar gullugyna aýtmagyna görä, hünärmenleriň adamlara
kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge berýän kömegi netijesinde, filmlere tomaşa
etmek psihoterapewtiki praktikada aýratyn bir ugurdyr.
Ol filmleriň köpüsiniň, çözüp bolmajak ýaly görünýän şol bir kynçylyklara
bagyşlanandygyny aýtdy. Kinoseans adama özbaşdak jogap tapmagyň ýoluny
aýdyp biler.
Hünärmen, durmuşy şatlykly mazmun bilen doldurmak üçin komediýalaryň
amatlydygyny aýtdy. Durmuş we ölüm, söýgi, dostluk we ýakynlyk baradaky
soraglara jogap tapmak üçin "Çaga", "Uly", "Ferris Buhleriň dynç güni", "Ertirlik
kluby" atly filmlere tomaşa edip bilersiňiz.
Haçaturýan durmuşda kyn ýagdaýa düşen adamlara "Gutuda oýnaýançam",
"Agyrlyk güýji", "Interstellar" tomaşa etmegi maslahat berdi.