Kaliforniýa politehniki uniwersitetiniň barlagçylary guş sesiniň adama bagt
duýgusyny getirip biljekdigini subut edýän synag geçirdiler. Ol , "janly" çykyş ýa-
da ses ýazgysy bolsun, tapawudy ýok. Netije şeýle.
Synag wagtynda alymlar ses çykaryjy kolonkalary Boulder we Kolorado
ştatynda dag seýilgähleriniň açyk meýdanynda iki bölümde gizlediler. Barlagçylar
guşlaryň aýdymly ýazgysyny açyp, birnäçe hepdäniň dowamynda ýoluň her
bölüminde kolonkalary öçürdiler we ýakdylar şol bölümlerden geçenlerinden soň
syýahatçylar bilen söhbetdeşlik geçirdiler.
Guşlaryň sesini eşidenleriň gezelençlerini “rahatlandyryjy” diýip
häsiýetlendirendikleri, özlerini rahat we bagtly duýýandyklary ýüze çykdy. Ýöne
guşuň sesini eşitmän gezelenç edýänleriň arasynda beýle duýgular azdy. Mundan
başga-da, has dürli jyňňyrdaýan sesleri eşiden we sebitde dürli guş görnüşleriniň
bardygyny pikir edýänler has oňyn duýgulary barada aýtdylar. Bu barlagyň
netijeleri “ The Royal Society ” žurnalynda çap edildi .