ABŞ-da ýaşaýan öýünden, ýitirim bolan Aýwi atly it 23 günde 160 kilometr
ýol geçdi.
UPI-nyň habaryna görä, haýwanlary halas edijiler gaçgak iti Nebraska
ştatynda tapdylar. Aýowa ştatyndaky gaçgagyň eýeleri it tapylýança gaty
aladalandylar. It 12-nji fewralda Siou şäherindäki öýünden gaçdy we gaýdyp
gelmedi. Aýwi Nebraska barýan ýolda birnäçe şäherde köp adamlaryň gözüne ildi,
ýöne gorkan it, oňa yzyna gaýdyp barmana kömek etjek adamlarda gaçýardy.
Ahyrynda, öýüniň golaýynda iti gören Omaha şäheriniň ýaşaýjylaryndan biri
haýwan hukuklaryny goraýjylaryna habar berdi , soňra iýmit bilen imrindiri
haýwany garažda saklady. Ol ýerde ony ahyrsoňy tutdylar we eýelerine gaýtaryp
berdiler.
Eýeleriniň sözlerine görä, Aýwi takmynan 5 kg agramyny ýitiripdir we onuň
uly bolýan boýunbagy goltugyna gysylypdyr. Weterinar lukmanlary Aýwini
gözden geçirdiler we bejergi işerlnigeçirdiler, häzirki wagtda bolsa Aýwi öýünde
dynç alyar.
Azaşan it üç hepdäniň içinde 160 kilometri geçdi
