Amerikanyň Merilend ştatynyň Kumberland şäheriniň ýaşaýjysy Kirşner, gar
bölejikleri diýlip tanalýan hem-de"Graupelýa üýşmesi" diýlip atlandyrylýan adaty
bolmadyk tebigy hadysany surata düşürdi.
Bu tebigy hadysa, gar bilen doň ýagşyň arasyndaky bir zatlara çalym edýär.
Atmosferadaky gar aşa sowuk suw bilen gabat gelende, garjagazlar buzlanyp
başlaýar we ululygy 5 millimetrden az bolan ownuk däneleri emele getirýär.
Çygly gardan tapawutlylykda, olar dury däl-de, akdyr.
Adatça, bu hadysa pes bulutly gyş tupanyna meňzeýär, ýöne bu gezek
Kirşnere süýşýän gar diwary görnüşdäki Graupel üýşmesiniň adaty bolmadyk
wideosyny düşürmegi başardy.
ABŞ-da täsir galdyryjy gar diwary wideo düşürildi
