Fransuz binagärlik firmasy Collectif Vous wagtlaýyn ýaşaýyş jaýynyň
gyzykly görnüşini – birnäçe gün ýa-da tutuş tomus üçin gurup ýaşap boljak iki
gatly SuperPause çadyryny döretdi.
Önüm polat turbalardan ýasalan özboluşly gurluşa esaslanýar. Ýörite
geometriýanyň kömegi bilen SuperPause ýeňil görünýär, ýöne ol şol bir wagtyň
özünde berk we ygtybarly, çalt gurnalýar we ýygnalýar.
Çadyryň meýdany 50 m, bu kiçijik bir daça jaýy bilen deňeşdirilip bilner.
Birnäçe gaýka açaryň hem-de 4-5 adamyň tagallasy bilen ýygnalýar. Söýeg
gurnawlary we ikinji gatyň poluny oturtmak bilen başlaýarlar, soňra gurnama
galdyrylýar, birinji gatyň poly oturdylýar, basgançaklar goýulýar we saýawanlar
çekilýär. Çadyr tebigy peýzažy eldegmedik jaý diýen ýaly saklaýar, sebäbi pol
ýerden belli bir beýiklikde ýerleşýär.