Mart aýynyň ortalarynda Angliýanyň Llandudno we Konwi şäherleriniň
ýaşaýjylary görlüp-eşidilmedik dag geçileriniň çozuşyna duçar boldylar . Haýbatly
şahly haýwanlar uly toparlary bilen köçelerde aýlanýar. Awtoulag sürüjilerine
päsgel berýärler, gül düşeklerini we gyrymsy agaçlary iýýärler, jaýlaryň we
awtoulaglaryň üçeklerine bökýärler we dükanlara we ýaşaýyş jaýlaryna girmäge
synanyşýarlar.
Ýerli ýaşaýjylar beýle çagyrylmadyk myhmanlardan hoşal däl – ýabany
geçiler üçin,öz ýaşaýyşlary, şeýle hem emläkleri üçin gorkýarlar diýip, Wales
onlaýn ýazýar
Ondan öň geçiler daglardan şäherlere inipdirler . Esasanam geçen ýyl karantin
döwründe köp bolupdy.Ýöne haýwanlaryň şeýle köp sanyny ilkinji gezek
görýärler.
Hünärmenleriň pikiriçe, ýabany haýwanlaryň aktiwligniň sebäbi köpelmegiň
öňüni alyş çäreleriniň tertibiniň bozulmagy bolup biler.Işiň asly, sebitde geçileriň
sanyny gözegçilikde saklamak programmasy bar we ekologlar her ýazda olara
ýörite sanjymlar edýärler. Emma korona wirus sebäpli hereket çäklendirmeleriň
bolany üçin eýýäm ikinji möwsüm,meýletinçiler haýwnara golaýlaşyp bilenoklar.
Şonuň üçin olaryň sany ýylyň dowamynda ep-esli artdy we köpelen sany bilen
geçiler dagdan şähere indiler.