Aprel aýynyň başynda Italiýanyň Trieste portundaky suw gülgüne reňke
öwrüldi. Munuň sebäbi suwuň ýüzünde köp mukdarda peýda bolan Rhizostoma
pulmo atly gülgüne meduzalardyr.
Ýerli ýaşaýjylar munuň ýaly zady uzak wagtdan bäri görmändiklerini boýun
alýarlar – gülgüne meduzalar öňem porta ýüzüp gelipdiler, ýöne olar şu wagtky
ýaly köp däldi.
Triestiň ýaşaýjylary şeýle üýtgeşik hadysa hoşal boldular we meduzalary
surata düşürmek üçin porta geldiler.
Bilermenleriň pikirine görä deňiz portynyň plankton we ýyly suwy gülgüne
meduzalary özüne çekdi, diýip 9news habar berýär.
Italýan şäheriniň portuna gülgüne meduzalar çozdy
