Hünärmenler takmynan 364 täze yzlary sanadylar.
2020-nji ýylyň güýzünde Pekiniň geologiýa unwersiteti hem-de Şanhan etrabynyň tebigat taryhy muzeýiniň paleontologlary Fujian welaýatynyň Lunsyan obasynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde 200-den gowrak dinozawryň aýak yzyny tapdylar. Gazuw-agtaryş işlerini dowam etdirmek kararyna gelindi we 2021-nji ýylyň aprelinde alymlar täze netijeleri paýlaşdylar.
Birnäçe aýyň içinde paleontologlaryň 364 sany täze dinozawr yzlaryny tapandyklary habar berildi, olaryň 200-si 100 inedördül metrden az meýdanda jemlenip, gadymy dinozaworlaryň ýodasynyň bu sebitde ýerleşýändigine şaýatlyk edýär.
Soňky yzlardan biri aprel aýynyň başynda alymlar tarapyndan tapyldy. Şanhaý etrabyndaky aýak yzlaryny, takmynan 80 million ýyl ozal planetada ýaşan azyndan sekiz dürli dinozaworlaryň galdyrandygy mälimdir. China news habarlaryna görä, sebitde gazuw-agtaryş işleri dowam edýär .