Bu garrylyk döwründäki aň bozulmalarynyň öňüni almagyň gowy usulydyr.

Öý işi beýniniň göwrümini ýokarlandyrýar, esasanam ýadyň berkleşmegine, giňişlikdäki nawigasiýa we üns bermäge jogapkär gippokampy artdyrýar.

Bu netijäni 66 garry adamyň gatnaşmagynda geçirilen barlaglarda, kanadaly alymlar aýtdy. Barlaglara gatnaşanlaryň ýaşy ortaça 71 ýaşdan ybaratdy.

Gatnaşanlaryň hemmesi gündelik işleri — arassalamak, nahar bişirmek ýa-da bejergi işleri üçin näçe wagt sarp edýändikleri barada hasabat berdiler. Soňra alymlar magnit-rezonans tomografiýa skaneri arkaly beýnileriniň parametrlerini seljerdiler.

BMC Geriatrics žurnalynda çap edilen gözlegiň netijesine görä, öý işi beýniniň, frontal lobuň we gippokampyň çal maddasynyň göwrümine oňyn täsir edipdir.

Alymlar bu pes töwekgelçilikli işleriň, fiziki işjeňligi we beýniniň saglygyny saklamak üçin bir usul bolup, garrylyk döwründäki aň bozulmalaryň, demensiýanyň we Alsgeýmer keseliniň öňüni alýandygyna ynanýarlar.