Garyşyk söweş stiliniň söweşijileri (MMA) Dastin Porýe bilen Konor MakGregoryň arasyndaky söweşiň biletleri sekuntda satyldy. Bu barada Ultimate Fighting Championship (UFC) başlygy Dana Waýt öz twitterinde habar berdi.
Söweş 10-njy iýulda Las Wegasda UFC 264 turnirine geçiriler. Duşuşyklara münberden 20 müňden gowrak janköýer tomaşa eder diýlip garaşylýar.
14-nji aprelde UFC söweşiň boljakdygyny tassyklady. Ondan öň sosial ulgamlarda söweşijileriň arasynda dawa ýüze çykypdy. Porýe MakGregory Amerikanyň haýyr-sahawat gaznasyna wada beren sadakasyny bermezlikde günäkärledi. Dawanyň netijesinde irlandiýaly söweşiji, Porýe bilen söweşmejekdigini habar berdi.
Ýanwar aýynda MakGregor Porýe bilen geçirilen bäsleşikde nokaut bilen utuldy. Amerikaly türgen şeýlelik bilen 2014-nji ýylda ýeňlişe rewanş aldy. Ikinji söweşden gysga wagt soň, iki türgen hem üçünji oýun barada gürleşip başladylar.

RU












