17-nji aprelde Özbegistanyň Daşkent şäherinde badalga berilen agyr atletika
boýunça Aziýanyň çempionaty häzirki günlerde agram derejeler boýunça dowam
edýär.
Çempionata ata-Watanymyzyň adyndan jemi 19 adam gatnaşýar. Olardan 11-
si türgen, 5 tälimçi, 1 tehniki işgär hem-de 2 sany resmi wekil
Häzirki yzda galan agramlar boýunça ildeşlerimiz Ýulduz Jumabaýewa,
Gülnabat Kadyrowa we Maksat Meredow dagylar üstünlikli çykyş etdiler.
Çempionat 25-nji aprelde tamamlanar.
Sebitiň 26 döwletinden 186 türgen gatnaşýan bu çempionatyň netijeleri
boýunça Tokio Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenler mälim ediler.

Oguljahan ILBAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby