Indi, 17 -nji gezek geçirilýän "World Car Awards" dabarasyna 90-dan gowrak
awtoulag žurnalistleri gatnaşdy. Eminlik edýän žurnalistler jemi 5 ugur boýunça
"Dünýäde ýylyň awtoulagy " baýragyna mynasyp ulagy saýlaýarlar.
Bu gezek baş baýraga Volkswagen ID.4 ulagy  esasy baýraga mynasyp
görüldi.
Baýragy dalaş etmek üçin hökmany suratda minimum 10 müň ulagyň satylyp,
azyndan 2 materik boýunça müşderilere ýetirilmelidir.
Aşakda bellenilen 5 ugur boýunça baýraga mynasyp bolan ulaglaryň sanawy:
1. Volkswagen ID.4 –  Dünýäde ýylyň awtoulagy
2. Honda E – "Şäheriçi" ugru boýunça
3. Mercedes-Benz S-Seriýasy – Dünýäde ýylyň iň gowy lýuks awtoulagy
4. Porsche 911 – Iň kuwwatly ulag
5. Land Rover Defender –  Iň gowy dizaýn

Rüstem BERDIÝEW,
TDBGI-niň talyby