Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň
Gidrometeorologiýa gullugynyň hünärmenleri Orta Aziýada ilkinji bolup, sebit
üçin howanyň ýagdaýyny modelirlemegiň we howa maglumatyny taýýarlamagyň
täze nusgasy bilen tanyşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron
gazeti habar berýär.
«Türkmengidrometiň» edara binasynyň maslahatlar zalynda geçirilen okuw-
türgenleşigine howa maglumatyny taýýarlaýan sinoptikler, howa öwreniji-
seljerijiler, oba hojalyk we ekologiýa pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň
hünärmenleri gatnaşdylar. Olar NetCDF programma üpjünçiligi we ylmy
maglumatlary alyşmak üçin standartyň goşundysy bilen tanyşdyryldy.
Okuwda çykyş eden GIZ-iň gazagystanly halkara bilermeni Dauren
Žumabaýew çykyş edip, meteorologiýa maglumatlary bilen işlemegiň şu
görnüşiniň artykmaçlygy barada gürrüň berdi, ony birnäçe günden bir ýyla çenli
dürli wagtlarda ygallaryň düşüşini we howanyň ýagdaýyny görkezýän bütewi karta
birleşdirip bolýar.
Okuwa gatnaşanlar köpugurly modul arkaly ýurt boýunça ygalyň düşüş
ýagdaýyny seljerdiler. Olaryň aglaba bölegi Balkan welaýatyndaky subtropik
ýerleriň paýyna düşýär, has gurak ýerler bolsa, Garagumda, «Altyn Asyr»
Türkmen kölüniň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär.
Programma üpjünçiligi bilen tanyşdyrylyş we amaly sapaklar Germaniýanyň
halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýanyň ykdysady
ösüşi üçin howanyň üýtgemegini nazarda tutup ýerden durnukly peýdalanmak»
Sebit maksatnamasynyň goldaw bermeginde geçirildi.