Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda milli maksatlara we bahbitleri nazar almak bilen, syýahatçylygyň, şol sanda halkara syýahatçylygyň hem, ösmegine aýratyn ünis berilýär.
Ýurtda dynç alşyň we syýahatçylygyň berkden-berk binýadynyň tutulmagy döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Munuň üçin ähli deskaply zerur şertler, ýagny häzirki zaman gözel şäherler, köp sanly taryhy we medeni ýadygärlikler, gaýtalanmajak keşpdäki dürli tebigy künjekler we şypa beriji howaly zolaklar bar.
Syýahatçylygy ösdüriş strategiýasynyň baş maksady Türkmenistanyň ýokary netijeli we bäsdeşlige ukyply syýahatçylyk toplumynyň döredilmegi bolup durýar. Munuň özi, bir tarapdan, ýerli ilatyň we daşary ýurtlardan gelen adamlaryň syýahatçylyk hyzmatlaryna bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyny, beýleki bir tarapdan, milli ykdysaadyýetiň ösüşine goşant goşulmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Syýahatçylygyň ykdysadyýetiň düşewüntli pudaklarynyň birine öwrülýär. Munuň üçin ähli zerur şertler döredildi, dünýä derejesindäki amatly myhmanhanalar guruldy, daşary ýurt syýahatçylyk kärhanalary bilen şertnamalar baglaşyldy, gadymy Nusaýa, Merwe, Köneürgenje, Köpetdagyň, Köýtandagyň we Garagum çölüniň özboluşly ajaýyp ýerlerine syýahatçylyk ugurlary açyldy.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Maşat-Misseriana, Sarahsa täze syýahatçylyk ugurlarynyň açylmagy göz öňüne tutulýar. Tebigatyň barmasy kyn künjeklerine wwe awçylyk maksady bilen syýahat etmek boýunça halkara derejesindäki isleg öwrenilip täze syýahatçylyk ugurlarynyň açylmagy daşary ýurt syýahatçylarynyň täze akymlarynyň gelmegine mümkinçilik berýäär.
Ylmyn gazananlary netijelerini nazara almak bilen, geljek döwürde syýahatçylary ýerleşdirmek üçin täze binalaryň gurulmagy we syýahaçylygyň infrastrukturasynyň ösdürilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda oba hojalygynda tebigaty barmasy kyn künjeklerine we awçylyk maksady bilen syýahat etmek boýunça halkara derejesindäki islegleri öwrenilip, täze syýahatçylyk ugurlarynyň açylmagy daşary ýurt syýahatçylarynyň täze akymlarynyň gelmegine mümkinçilik döredýär.
Syýahatçylaryň isleglerini nazara alyp Oba hojalygynda düýedarçylyk pudagynyň ösdürilmegi daşary ýurtlardan gelýän myhmanlarymyzyň kerwen saraýlarda aýlanmagy taryhy ýerlerde gezmekleri syýahat zolagynyň ösmegine gezelençleriň guralmagy, dynç alyş zolaklarynda syýahatçylygyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegi daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurdun bu ugurdaky ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmeklige bolan düýpgöter täzeçe çemeleşmäniň başlan pursady bolup durýar. Bu işiň esasy maksady Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň ilat üçin ähli babatlarynda gowy ýaşaýşy üpjün etmeklige zerur şertleri döretmek ýaly möhüm ugrunyň hemme taraplaýyn durmuşa geçirilmegi bolup durýar.
Ýollyýewa Aýnabat
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby