Apple alty aýdan gijä galman awtoulag taslamasyny aýan eder. Bu barada
“Wedbush” -yň analitigi Daniel Iwes (Daniel Ives),CNBC bilen söhbetdeşlikde aýtdy-
teleýaýlymyň “YouTube” kanalynda görüp bilersiňiz.
Hünärmen, “Apple”-iň ilkinji awtoulagynyň 2024-nji ýyla çenli çykarylmagynyň
mümkin däldigini – kompaniýanyň önümçilige noldan başlamagy üçin wagt gerekdigini
aýtdy. Şeýle-de bolsa, Tim Kukuň korporasiýasy "Apple Car" -iň düýbüni tutmak üçin
taslama barada köpçülige maglumat bermäge mejbur bolar.
Iwesiň pikiriçe, “Apple” sürüjisiz elektrik awtoulag taslamasynyň tanyşdyrylyş
dabarasyny we awtoulag bazaryna çykjakdygyny tomusda mälim eder. “Apple Car”
anonsy ýakyn üç-alty aýyň içinde amala aşyrylar. Esasy çeşmelerden gizlin
maglumatlara göz ýetiren analitik, gysga wagtyň içinde kompaniýanyň awtoulag
öndürmek üçin hyzmatdaş tapmalydygyny hasaplaýar. Daniel Iwes häzirki wagtda
korporasiýanyň ýokary ýolbaşçylarynyň beýleki kompaniýalar bilen gepleşik
geçirýändigini aýtdy.
Apple awtoulagynyň tanyşdyrma wagty belli boldy
