Ogaýo ştatynyň döwlet uniwersitetiniň astronomlary Ýere iň ýakyn gara deşik
tapandyklaryny aýtdylar.
Tapyndy atdaş ýyldyzlar toplumynda ýerleşýändigi üçin Ýeken diýip atlandyryldy.
Gara deşik bizden bary-ýogy 1,5 müň ýagtylyk ýylynda uzaklykda we Günüň
massasyndan üç esse köpdür. Monthly Notices of the Royal Astronomical Society çap
edilen gözlegiň netijesine görä, bu gözegçilik taryhynda iň kiçijik gara deşiklerden
biridir . Iň uly gara deşikler milliardlarça gün massasyna barabar bolup biler.
Ýere iň ýakyn gara deşik, astronomlaryň – Ýeken ýyldyzlar toparyndaky ägirt
gyzyl ýyldyzy öwrenýän pursatlarynda tötänleýin tapyldy. Olar gyzyl ägirtiň şekiliniň
ýoýulandygyny gördüler. Alymlaryň pikiriçe, bu ýoýulmagyň iň ýönekeý sebäbi
golaýdaky gara deşigiň agyrlygydyr.
Ýere iň ýakyn «gara girdap» tapyldy
