Aprel aýynyň ortalarynda Barselonanyň kenarynda dynç alýanlar deňizde
adaty bolmadyk zady gördüler. Gözýetimde belent binalaryň sudury peýda boldy
we şol bir wagtyň özünde-de olar howada gaýýarlar.
Bu geň görnüşe şaýat bolan suratçy Xawi Kabo "hyýaly şäherini" surata aldy
we sosial ulgamlarda çap etdi.
Aslynda, deňizde beýik binalar ýokdy. Muňa derek kenardaky şaýatlar Fata
Morgana diýlip atlandyrylýan optiki illuziýany synlap bildiler .
Olar howa gatlaklary dürli temperaturalarda we dykyzlyklarda bolanda ýüze
çykýar, şol sebäpli şöhle döwülýär we uzakda görünýän obýektler ýoýulýar.
Suratçynyň düşündirişine görä, Barselonadaky "beýik binalar" aslynda diňe
konteýner gämisi diýip, La Vanguardia ýazýar .
Ýeri gelende aýtsak, Şotlandiýanyň ýaşaýjylary hem mart aýynyň başynda
şuňa meňzeş optiki illuziýany gördüler .
Barselonanyň golaýyndaky deňizde "hyýaly şäheri" peýda boldy
