NASA ilkinji gezek “Perseverance” rowerinde oturdylan enjamy ulanyp,
Marsyň atmosferasyndan kislorod aldylar. Bu, 21-nji aprel, çarşenbe güni kosmos
gullugynyň web sahypasynda çap edilen beýanynda aýdylýar.
20-nji aprelde tejribeli gurnama MOXIE kömegi bilen Marsyň
atmosferasyndan esasy düzüm bölegi kömürturşy gazy bolan kislorodyň alnandygy
bellendi. NASA-nyň wekilleri "bu tehnologiýanyň görkezilişiniň ýaňy
başlanýandygyny" aýtdy. Olaryň pikiriçe, bu usul Marsda kislorody almaga we
ony saklamaga mümkinçilik döredip biler.
Jemi 5 gram kislorod alyndy. Munuň bir kosmonawtyň takmynan 10 minut
dem almagy üçin ýeterlikdigi kesgitlenildi.
MOXIE kömegi bilen "sagatda 10 grama çenli kislorod" alyp bolar diýlip
hasaplanýar.
Kosmos gullugy "Şeýle enjamlar haçan-da bolsa bir gün kosmonawtlara dem
almak üçin gerekli howa bilen üpjün edip biler" -diýdi.