ABŞ-daky Dartmut kollejine wekilçilik edýän alymlar topary gybatyň
peýdaly bolup biljekdigi baradaky netijä geldiler. Muny synagyň netijeleri subut
edýär.
Hünärmenler öňki gözlegleriň netijelerine ünsi çekdiler, netijede günüň
dowamynda adamlaryň arasyndaky gepleşikleriň ortaça 14 göterimi gybatdan
ybarat, köplenç ýagdaýda bitarap gürrüňlerdir.
Gybatyň aragatnaşykdaky roluny barlamak üçin alymlar meýletinçilerden,
alty adamdan ybarat topara bölünen gatnaşyjylaryň oýun oýnamagyny haýyş
etdiler. Her hepde her kimiň umumy gaznada on dollar goýmaga ýa-da pullary
özleri üçin saklamaga hukugy bardy. Iki ýagdaýda-da umumy fond bir ýarym esse
köpeldi we her gatnaşyjy öz paýyny aldy.
Görnüşi ýaly, gybat eksperimente gatnaşyjylara toparlaýyn gatnaşyklary
berkitmäge we "bir toparda" has ynamly işlemäge kömek etdi.