Mýunhenli "Bawariýa", 2021-nji ýylyň tomsunda täze möwsümiň
başlamazdan öň toparyň baş tälimçisini çalşar. Bu , klubyň web sahypasynda çap
edilen press-relizde mälim edildi.
Mýunhen toparynyň täze tälimçisi, häzirki wagtda “Leipzig” toparyna
ýolbaşçylyk edýän 33 ýaşly Ýulian Nagelsmann bolar. Hünärmen "Bawariýa"
bilen bäş ýyllyk şertnama baglaşdy.
Mýunheniň häzirki baş tälimçisi Hans-Dieter Flik klub bilen hoşlaşar.
Hünärmen, "Bawariýa" bilen şertnamany möhletinden öň ýatyrylmagyny isledi.
Ilkibaşda şertnama 2023-nji ýylyň tomsuna çenli diýlip ylalaşyldy.
"Bawariýa" ýaryşyň çärýek finalynda" Pari Sen-Žermen"-den iki oýunyň jemi
boýunça utuldy we Çempionlar ligasyndan çykdy. Bundesligada, topar turnir
tablisada öňde barýar.
«Bawariýa» 33 ýaşly tälimçi ýolbaşçylyk eder
