2001-nji ýylda kosmos syýahatçysynyň ilkinji kosmosa uçuşy boldy. Ondan
öň kosmosa diňe hünärmen kosmonawtlar we astronawtlar uçýardy. 28-nji aprelde
Russiýanyň “Soýuz TM-32” kosmos gämisi, kosmonawtlar Talgat
Musabaýew,Ýuri Baturin we Amerikaly millioner Dennis Entoni Tito bilen hereket
edip başlady. Iki günden soň kosmos gämisiniň Halkara kosmos stansiýasy (HKS)
bilen birikdirilmegi amala aşyryldy. 6-njy maýda russiýaly kosmonawtlar,Dennis
bilen Ýere gaýdyp geldiler.
Tito ýeriň ýakyn orbitasyna uçuşy üçin Russiýanyň Federal kosmos gullugyna
20 million ABŞ dollary töledi. Taýýarlyk okuwy Moskwanyň golaýyndaky
Ýyldyzly şäherçede, şeýle hem ýeňilligi simulýasiýa edýän kiçijik uçarlarda
geçirildi.
Kosmos syýahatçysynyň ilkinji uçuşy
