Şol wagt syýahatçylar dykgat bilen syn edilýär.
Uçara münülýän wagt ýolagçylary ýylgyrýan uçar ýolbeletleri garşylaýarlar
we olara ýakymly uçuş arzuw edýärler. Görnüşi ýaly, bu diňe bir hoşniýetliligi
görkezýän hereket bolman, eýsem mekir bir manýowrlaryň biridir.
Amerikanyň Solt Leýk-Siti şäherinden uçar ýolbeledi Kat Kamalani öz
internet kanalynda, awiakompaniýanyň işgärleriniň uçar basgançaklarynda
hakykatda näme barada pikir edýändiklerini düşündirýän wideo ýerleşdirdi.
Görnüşi ýaly, uçarmanlar pursatdan peýdalanyp ýolagçylara baha bermeli we
adatdan daşary ýagdaý ýüze çykan halatynda kömekçi bolup biljek adam tapmaly.
Mysal üçin, harby işgärler, ýangyn söndürijiler, lukmanlar, polisiýa işgärleri ýa-da
uçarmanlar.