Icelandreview.com-nyň habaryna görä, Islandiýanyň tokaý gullugy karantin we öz-özüni izolýasiýa döwründäki ýaşaýjylara gujaklaşmaga hiç kim ýok wagtynda, tokaýa gelip agaçlary gujaklamaga çagyrýar. Gündogar Islandiýada ýerleşen Hallormsstatur milli seýilgähindäki tokaýçylar, adamlar gelip hem-de howpsuz aralygy saklap, halaýan agaçlary bilen gujaklaşmak üçin tokaýdaky gar ýollaryny yzygiderli arassalaýarlar.

Tokaýçy Tor Torfinsson tokaýa gelýänlere şol bir agajy hemişe gujaklamazlygy, her gezek başga birini saýlamagy maslahat berýär. Agaç bilen ýakyn aragatnaşykda bolmagyň ähli peýdalaryny duýmak üçin,günde bäş minut gujaklaşmak ýeterlikdir. Belli bolşy ýaly gujaklaşmak adamyň beden, akyl we emosional saglygy üçin örän peýdalydygy mälimdir. Ol agyryny aýyrýar, aladany azaldýar we depressiýadan goraýar.