Monaş uniwersitetiniň awstraliýaly barlagçylary alma ýygmaga kömek edip biljek roboty oýlap tapdylar.

Robot özbaşdak işleýär, algoritm bilen dolandyrylýar, kameralar we bir tutguç bilen enjamlaşdyrylan. Ol dürli howa şertlerinde we günüň islendik wagtynda işlemäge ukyply.

Synagyň netijelerine görä, robotyň ulgamlary ähli almalaryň 85% -ini 1,2 metr aralykdan ýygnamaga mümkinçilik berýär. Robota alma şekilini gaýtadan işlemek üçin 200 millisekuntdanam az wagt gerek. Şeýle hem robot, alma ýygnamaga iň amatly traýektoriýany hasaplamak üçin ýapraklar we şahalar ýaly päsgelçilikleri kesgitlemäge we toparlara bölmäge ukyplydyr.

Robotyň adaty tizligi bir miwe üçin 12,6 sekuntdyr. Emma ony doly güýç bilen işletseňiz, her almany ýygnamak üçin robota bary-ýogy 7 sekunt gerek bolar.