Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary paýtagtymyzda 10 — 25-nji maý günlerinde ekologik çäräni guramak baradaky başlangyç bilen çykyş edýär. Bu çärä isleg bildirýän adamlaryň ählisi gatnaşyp biler.

Hormatly Prezidentimiz her ýyl ýaş agaç nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäresine badalga berýär. Paýtagtymyzyň töwereklerinde eýýäm “ýaşyl” zolak emele gelip, Aşgabady awtoulaglaryň bölüp çykarýan gazlarynyň, tozanly ýelleriň ýaramaz täsirinden goraýar, howanyň hilini gowulandyryp, bioköpdürlüligi gorap saklamaga we köpeltmäge ýardam berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýörişleri yzygiderli guramak ýaly ajaýyp däpleri ýola goýdy. Şol çärelere ulaglaryň sürüjileri bilen birlikde türkmenistanlylaryň müňlerçesi jemlenýär. Sürüjiler çäräniň geçirilýän wagty öz ulag serişdelerinden peýdalanmaklaryny togtadýarlar, bu bolsa ekologiýa ýagdaýyna örän oňyn täsir edýär.