2023-nji ýyla çenli Rimiň merkezindäki meşhur Kolizeý özgerer. Italiýanyň
häkimiýeti takmynan 2 müň ýyl ozal gladiator söweşleriniň geçirilen
meýdançasyny täzeden döretmek kararyna geldi.
Ýakynda Italiýanyň hökümeti sahnany täzeden gurmak meýilnamasyny
tassyklady. Şeýlelik bilen amfiteatr “asyl” görnüşine getiriler we ýerasty desgalar
ýykylmakdan goralar, diýip The Guardian habar berýär.
Sahnany täzeden döretmek üçin 18,5 million ýewrolyk bäsleşiginde Milan
Ingegneria kompaniýasy ýeňiji boldy. Onuň teklip eden arenasy ýokary
tehnologiýaly bolar.
Kompýuter tarapyndan dolandyrylýan sahnadaky agaç bölekleri hereket eder
hem-de Kolizeýiň ýer astyny açar we ýapar.
Şeýle sahnada nusgawy konsertler we beýleki çäreler geçirilip bilner.
Rimdäki Kolizeý täzeçe görkeziler
