Ma Corporation atly ýapon kompaniýasy öý balyklary üçin akwarium
sumkasyny oýlap tapdy. Oýlap tapyjylaryň pikiriçe, şeýle enjamda öý
haýwanlaryny gezelenç etdirmek üçin ýanyňyz bilen alyp bilersiňiz.
Balyk üçin daşaýjy, suwdaky kislorod derejesini görkezýän tutawaç, klapan
we datçikli, kiçijik plastik sumka görnüşinde ýasalan.
Kompaniýa öz işiniň özboluşly we ygtybarly bolmagy üçin ony entegem
kämilleşdirýär. Häzirlikçe daşaýjy iýilýän balyklarda synagdan geçirilýär.
Kompaniýa her synag barada sosial ulgamlarda hasabat çap edýär.