Birnäçe gün ozal Irlandiýanyň ýolbaşçysy Maýkl Higgins içerki
teleýaýlymlaryň žurnalistlerine interwýu berdi, ýöne habarlaryň hakyky
gahrymany özi däl-de, wepaly iti boldy.
Misniç lakamly it Bernese zennenhud eýesiniň gapdalynda oturyp tutanýerli
ünsi talap etdi. Ol Higginsiň elini ýalady, prezident oňa üns bermänsoň, ony dişläp
başlady.
Irlandiýanyň ýolbaşçyýsy elini arkasyna gizledi, şondan soň Misniç hakyky
hüjüme geçip başlady. Ol penjesi bilen eýesini çala kakyp başlady we hatda
penjeginiň aşagyna girmäge synanyşdy.
Gülkünç wideo derrew sosial ulgamlara ýaýrady we millionlarça begenmeleri
we teswirleri ýygnady. Irland dilinde misneaсh "batyrlygy" aňladýar. Ulanyjylar
Misniçiň kameralardan we umumy ünsden gorkmaýan hakykatdanam batyr itdigini
aýdýarlar.
Irlandiýanyň prezidentiniň iti sosial ulgamda belli boldy
