Xiaominiň – kiçi bölümleriniň biri bolan ZMI täze ykjam ýelpewaç döretdi.
Adyndan görnüşi ýaly (Hanging Neck Folding Fan), bu ýelpewajy açyp we ýygnap
bolýar. Ýöne onuň esasy aýratynlygy, sazlanylýan neýlon ýüpüň kömegi bilen,
boýnuňda göterip bolýar.
Islegiňize görä, ykjam ýelpewajy boýnuňyzdan aýryp, meselem, stoluň
üstünde goýup bilersiňiz. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä egme burçy 0 ° –
dan 120 ° -a çenli sazlanyp bilner. Onda üç dürli tizlik sazlaýyş režimi goýlan we
arassalamak üçin aňsatlyk bilen sökülýär. Özbaşdak işleýiş iň birinji režimdäki
wagty 13 sagat, ikinjide – 8 sagat, üçünjide – 4 sagat.
Bary ýogy üç reňki bar – ak, gülgüne we ýaşyl. Ýelpewajyň perleri yşyk-
diodly lampalar bilen örtülendir we enjamyň gyrasyndaky aýratyn düwmäni
ulanyp reňkini üýtgedip bolýar. Beýleki aksesuarlaryň köpüsi ýaly, USB Type-C
arkaly zarýad alýar. Bu kabel komplektiň içinde bar.
Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinin
Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam