Florida ştatynyň Naples şäheriniň ýaşaýjysy Karen Bokrat bir aý töweregi
wagt bäri öz howzundaky ýer üçin goňur aýy bilen bäsleşýär.
Karen ýaňy-ýakynda jaýlaryň gurluşygynyň başlan ýerine göçüp gelen
pensiýadaky şepagat uýasy. Jaýlaryň golaýynda tokaý barlygy sebäpli, ýabany
haýwanlar köplenç Kareniň howlusyna gelýär. Şeýle-de bolsa, şeýle uly myhman
hakyky garaşylmadyk sowgat boldy.
Bir aý çemesi öň aýal Karen öz howzunda bir aýynyň suwa düşýändigini
görüpdi. Aýy howuzyň töweregindäki diwarda deşik ýasapdyr.
Şondan bäri aýy birnäçe gezek howuzda ýüzmäge we gün şöhlesinde dynç
almana gelýär.Kareniň sosial ulgamlarda paýlaşan suratlarynda aýy, Florida
yssysyndan gaçyp, salkyn suwda arkaýyn dynç alýar. Bokrat " Aýy şol bir
girelgesini ulanjak derejede mylaýym"diýip degişýär.
Aýy ABŞ-nyň ýaşaýjysynyň howzuny eýeledi
