Ýaňy-ýakynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde agyr atletika
boýunça Aziýa çempionaty tamamlandy. Tamamlananyna köp wagt geçmänkä,
Daşkent şäheri agyr atletika boýunça  ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionaty
üçin gatnaşýan türgenleri kabul eder.
10 gün dowam etjek bu çempionata Türkmenistanyň adyndan jemi 9 türgen
gatnaşar.
21-31-nji maý aralygynda geçiriljek bu çempionatyna dünýäniň ençeme
ýurtlaryndan ýokary derejeli türgenler gatnaşar.
Ýurdumyzyň adyndan Maksat Meredow, Ýazmämmet Annalyýew, Bektimur
Reýimow we ýene-de birnäçe tejribeli türgenler degişli agram derejeleri boýunça
birinjilik ugrunda göreşerler.

Göwher JUMANYÝAZOWA,
TDBGI-niň talyby