Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Dolandyryş merkezini döretmek hakynda resminama gol çekdi. Döwlet Baştutany Merkeziň esasy wezipeleriniň tomus döwründe raýatlarymyz üçin dynç alşy bökdençsiz guramakdan, ilat arasynda düşündiriş we wagyz-nesihat çärelerini geçirmekden ybaratdygyny nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, syýahatçylyk zolagyndaky deňiz suwuny süýjediji desgada işleriň gije-gündiz alnyp barylmagyny we desganyň goragyny bellenen tertipde güýçlendirilen düzgüne laýyklykda üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.
Bu ýerdäki myhmanhanalar özlerine degişli bolan ministrlikler we pudak edaralary ýollamanamasy resmileşdirilen raýatlaryň elektron sanawyny Dolandyryş merkezine we Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna gündelik ibermegi üpjün etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Raýatlary öz wagtynda zolakdaky myhmanhanalara bron esasynda ýerleşdirmek maksady bilen, bu baradaky maglumatlary web sahypasynda barlamak mümkinçiligini ýola goýmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Dolandyryş merkezinde jemlenýän maglumat-hasabatlar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýerleşýän Baş dolandyryş merkezine iberilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we arassaçylygy üpjün etmek boýunça işleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.