«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän şanly senelere — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna gabatlanylan nobatdaky makala ak mermerli Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen, abraýly halkara baýraklara mynasyp bolan binagärlik täsinliklerine bagyşlanýar. 2008-nji ýylyň iýunynda bu kitapda mynasyp orun eýeleýän desgalaryň ilkinjileriniň biri Aşgabadyň günorta böleginde dikilen, beýikligi 133 metre barabar bolan Baýdak sütünidir. Onda ululygy 52,5 x 35 metre we agramy 420 kilograma barabar bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy parlaýar. Türkmen paýtagtynyň jemgyýetçilik ýerinde iň köp mukdardaky suw çüwdürimleriniň bitewi topluma birleşdirilen şäheri hökmünde ykrar edilmegini 2010-njy ýylyň şanly wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Türkmenleriň nesilbaşysy Oguz hanyň ýyldyzynyň şekiliniň döwlet nyşanlarynda, häzirki zaman milli binagärlikde, sungatda we bezeglerde mynasyp orun eýeländigini bellemeli. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda açylan “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň esasy binagärlik aýratynlygyna öwrülen Oguz hanyň ägirt uly ýyldyzy bu dowamatlylygyň hem-de ata-babalarymyzyň mukaddes hakydasynyň, milli gözbaşlara wepalylygyň ýene-de bir aýdyň beýanyna öwrüldi. 2011-nji ýylyň oktýabrynda bu desgadaky ýyldyzyň şekili Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäde iň uly şekil hökmünde ykrar edildi we ol degişli halkara güwänama bilen tassyklanyldy. Teleradioýaýlymlar merkeziniň kuwwatly antennasyny hem hasaba alanyňda, onuň umumy beýikligi 211 metre barabardyr. Özboluşly inženerçilik-tehniki desga Aşgabadyň günortasynda, Köpetdagyň etegindäki baýryň gerşinde bina edildi. Munuň özi täze desgany paýtagtymyzyň islendik ýerinden we şäheriň eteklerinden görmäge mümkinçilik döretdi. Belent başly telediňi bolan sekizburçly bitewi ýyldyz gündizlerine Gün şöhlesine ajaýyp öwşün atýar, garaňky gatlyşanda bolsa binanyň döwrebap yşyklandyrylyşy onuň gözelligini artdyrýar. Soňky 30 ýylyň dowamynda gurlan şeýle desgalaryň hatarynda paýtagtymyzdaky teleradioýaýlymlar merkeziniň diňe bir iň ulularynyň biri däl, eýsem, dünýäde deňiz derejesinden has beýikde ýerleşýänleriň biridigini bellemek gerek.
Şunuň bilen birlikde, 2012-nji ýylda “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň hem-de “Bagt köşgüniň” «International Property Awards Europe» bäsleşiginiň “Jemgyýetçilik desgalarynyň binagärligi” ugry boýunça ýokary baýraklaryna mynasyp bolandygyny bellemelidiris. Bu iki täsin desga dünýäniň dürli döwletlerinden hödürlenen taslamalaryň 1000-siniň arasynda halkara baýraklara mynasyp boldy. Paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalarynyň hatarynda 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda açylan “Älem” medeni-dynç alyş merkezi hem bar. Täze toplum paýtagtymyzyň keşbine özboluşly alamatlary bilen goşulyşyp, Aşgabadyň günortasyndaky binagärlik görnüşiniň üstüni ýetirdi. Gümmezi bilen bilelikde umumy boýy 95 metre ýetýän bu uly bina basgançakly piramidany
ýatladýar, şunda synlamak üçin niýetlenen daşky aýlawy 57 metre ýetýän syn ediş çarhy ornaşdyrylypdyr. Häzirki wagtda synlamak üçin niýetlenen bu çarh dünýäde şunuň ýaly desgalaryň iň ulusy hasaplanýar. Oguz hanyň ýyldyzydyr milli göller görnüşinde çeperçilik taýdan göwnejaý bezelmegi netijesinde, polatdan edilen äpet desga diýseň owadan we howalanyp görünýär hem-de 17 metrlik gümmezli Gün sagadynyň äpet uly siferblatyny ýatladýar. Ýöriteleşdirilen enjam kabinalaryň içinde oňaýly ýagdaýy saklamaga mümkinçilik berýär.

Suhanberdi MOMMAKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 210-njy toparynyñ talyby