“Demirýollary” AGPJ welaýatara we şäherara demir ýol gatnawlary boýunça
beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhletiniň 2021-nji ýylyň
iýul aýynyň 1-ne çenli uzaldylandygy barada habar berýär.
Edaranyň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylyň aprel aýynyň 1-
inden bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, hepde-de 2
gezek hepdäniň çarşenbe we anna günleri Aşgabat—Mary—Türkmenabat,
hepdäniň penşenbe we şenbe günleri Türkmenabat-Mary–Aşgabat ugurlary
boýunça we hepde-de bir gezek Aşgabat-Daşoguz boýunça ýekşenbe güni,
hepdäniň duşenbe güni Daşoguz-Aşgabat demir ýol gatnawy ýola goýulýar.
Ýokarda görkezilen ugurlar boýunça ýolagçy biletleri häzirki wagtda bilet
satyş kassalarynda we online görnüşinde resmilleşdirip bilersiňiz.
Türkmenistanda demir ýol gatnawlaryna çäklendirmeleriň möhleti uzaldyldy
