Meşhur Disneý multfilmi “Şa ýolbars” filmindäki Ýabany doňuz Pumba we
surikat Timon bütinleý hakyky jandarlar bolup çykdy. Botswana şäherindäki Çobe
milli seýilgähinde ýerleşýän CARACAL goraghanasynda, edil filimdäki ýaly biri-
birinden aýrylmaz iki dost ýaşaýar, jübüt dost diýen ýaly ýaşaýar, ýöne surikatyň
ýerine ýabany doňuz bilen mangust dostlaşýar.
Miss Piggy atly sekiz ýaşly urkaçy ýabany doňuz we alty ýaşly mangust
Mongo eýýäm birnäçe ýyl bäri dostlaşýarlar. Olar biri-biri bilen aýrylmaz diýen
ýaly we köplenç wagtlaryny bilelikde geçirýärler. Goraghananyň işgärleriniň
sözlerine görä Miss Piggy we Mongo bilelikde ýatýarlar, bilelikde iýip-içýärler
we oýnaýarlar. Mundan başga-da, multifilimdäki Timon ýaly, Mongo, Pigginiň
üstüne münüp aýlanmagy gowy görýär we ol jübütleriň esasy baştutanydyr diýip,
Daily Mail ýazýar.
Bu ikisi multfilm gahrymanlaryna meňzeşligi sebäpli eýýäm ýerli ýyldyza
öwrüldi. CARACAL işgärleriniň sözlerine görä, ikisiniňem öňki ýaşaýyşy kyn
bolupdyr we ýabany tebigatda ýaşap bilmezler. Şol sebäpden olar goraghanadaky
ýapyk wolýerde hemişelik mesgen tutup, gelýänlere şatlyk paýlaýarlar.
Botswana ýabany tebigat goraghanasynda hakyky Timon we Pumba tapyldy
