Ispaniýada La Liganyň 36-njy tapgyrynyň oýny geçirildi, Madridiň "Real"
topary myhmançylykda "Granada" toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi.
"Realyň" düzüminde tora girizilen pökgüler bilen Luka Modriç, Rodrigo de
Gois, Alwaro Odriosola we Karim Benzema bellendi. Ýer eýeleri üçin ýeke-täk
pökgini Horhe Molina geçirdi.
Bu ýeňiş sebäpli Zinedin Zidanyň topary Ispaniýa çempionatynyň sanawynda
Barselonany (76 oçko) ýeňip, 36 oýunda 78 oçko toplap, ikinji ýere gaýdyp geldi.
Öňdebaryjy “Atletiko” bilen tapawut ýene-de 2 oçkodan ybarat.
Granadanyň aktiwinde 36-njy tapgyrdan soň gazanan 45 oçkosy bar we 10-
njy orny eýeleýär.