24-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa «Aşgabat şäheriniň
hormatly raýaty» diýen at dakyldy.
Bu at türkmen Liderine Aşgabat şäherini syýasy, ykdysady we medeni taýdan
ösdürmekde, türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip gelen
milli binagärligini täze derejelere ýetirmekde, Aşgabady adamzadyň medeni
ösüşiniň esasy merkezleriniň biri hökmünde dünýä tanatmakda, häzirki zaman
şäher düzümini kemala getirmekde bitiren aýratyn uly hyzmatlaryny hem-de şahsy
goşandyny we paýtagtyň ýaşaýjylarynyň isleg-arzuwlaryny göz öňünde tutup,
şeýle hem «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň
möhüm seneleri bolan mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän
ýylynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli
dakyldy.