Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan
Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Muhtar
Tleuberdi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Gepleşigiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň
toplumyny, hususan-da, iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky özara
gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu ýylyň aprel we maý aýlarynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda
bolup geçen telefon arkaly söhbetdeşlikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň
Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek
bilen bagly meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan mowzuk boldy.
Ministrler 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda Gazagystan Respublikasynyň
Prezidentiniň Türkmenistana boljak sapary bilen bagly meseleleriň üstünde durup
geçdiler.
Taraplar şu ýylyň güýzünde Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän VI
Hazar Sammitine görülýän taýýarlyklaryň barşyna jikme-jik seretdiler.
Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana sapar bilen gelmegine garaşylýar
