Italiýanyň “Ýuwentus” toparyň derwezewany Janluiji Buffon tomusda
Ispaniýanyň “Barselona” futbol kluby bilen şertnama baglanyşyp biler. Bu barada
Footmercato portaly habar berýär.
43 ýaşly oýunçy möwsümiň ahyrynda "Ýuwentus" bilen hoşlaşýandygy
barada habar berdi.
Portalyň maglumatyna görä, Buffon bilen gysga möhletli şertnama
baglaşylyp bilner. "Barselona" italiýaly derwezewany, toparyň esasy derwezeçisi
Mark-Andre Ter Ştegena dublýer hökmünde göz öňünde tutýar.
Buffon 2001-nji ýyldan bäri "Ýuwentusda" oýnaýar we 2018/19 möwsümini
Fransiýanyň PSŽ toparynda geçirdi. Ol turin klubynyň düzüminde 10 gezek
Italiýanyň çempiony, dört gezek – kubogyň eýesi we alty gezek – ýurduň
superkubogynyň eýesi boldy. Häzirki möwsümde Buffon 12 oýun oýnady we ýedi
pökgi geçiridip, alty duşuşygy “nola” oýnady. “Ýuwentus” 35 oýundan soň 69
oçko toplady we Italiýa çempionatynyň turnir tablisasynda bäşinji orunda barýar.