Yssy howada suwsuzlygy, buzly içgiler bilen däl-de aram sowuk suw, miweli
içgiler we kwas bilen suwsuzlygyňyzy kanagatlandyrmak has gowudyr. Bir günde
iň köp sarp edilýän suwuklygyň mukdary bir kilograma agrama 40 millilitrdir.
Yssy howada, biziň bedenimiz bar bolan serişdeleri sowatmak üçin harçlaýar,
munuň üçin bolsa oňa köp suwuklyk gerek, ol bolsa ýokary derejede der bilen
çykýar. Şonuň üçin yssy howada suw sarp edilişi ýokarlandyrylmalydyr.Bu
ýagdaýda suwy birden däl-de, wagtal-wagtal birnäçe gezek owurtlap içmek has
gowudyr.
Hünärmen, süýji gazly içgileriň we dükandaky şireli içgileriň,kofeniň
suwsuzlygyňyzy kanagatlandyrmajakdygyny aýtdy. Yssyda olar has zyýanlydyr.
Alkogolly içgilere aşa seresaplylyk bilen çemeleşmeli, ony asla içmezlik bolsa has
gowudyr. Alkogol termoregulýasiýany bozýar, ýürek-damar ulgamyny artyk
doldurýar we bedeniň guramasyna getirýär.
Şeýle hem yssy howada içgileriň temperaturasyna üns bermeli. Buzly suwlar
organizimiň stresli bolmagyna hem-de immunitetiň peselmegine sebäp bolup biler.
Lukman yssyda teşneligi gandyrmagyň howply ýollary barada gürrüň berdi
