Täze formanyň komplekti, ummanlar hem degişlilikde daşky gurşawyň
hapalanmagy meselesine bagyşlanýar. Ol 50 göterim gaýtadan işlenen
plastmassadan taýýarlanan, bu bolsa her gün tebigata zyňylýan hapalary mundan
beýläk ulanmagyň mümkinçiligini ýene bir gezek subut edýär. Komplekt açyk gök
reňklerde (egninden geçýän mämişi zolaklar bilen) ýerine ýetirilen. “Inter” täze
formadaky ilkinji oýnuny 30-njy maýda “Di-Si Ýunaýted" bilen oýnar.
Bu formany, ummanyň 30 metr çuňlugyna çümen model Koral Tomaşik
tanyşdyrdy. Şeýle hem klub suwasty suratlar boýunça hünärmen, tanymal suratçy
Jeýson Waşington bilen hyzmatdaşlyk etdi.
«Inter Maýami» täze formasyny ummanyň düýbünde tanyşdyrdy
