Asly Meksikaly amerikan aktrisasy Salma Haýek koronawirus sebäpli
ölümden döndi. Ol bu barada Variety beren söhbetdeşliginde gürrüň berdi.
Meşhur aktrisanyň sözlerine görä, kesel oňa pandemiýanyň başynda
ýokuşdy, ýöne keseliň agyr geçişi barada köpçülige aýtmazlygy makul bildi.
Koronawirus sebäpli Haýek öýde ýedi hepde geçirdi, otaglaryň birinde
izolýasiýa edildi we henizem keselden doly gutulyp bilenok. Ol sagalanam bolsa
tiz ýadaýar, onda-da şu ýylyň aprel aýynda işine gaýdyp geldi -ol Ridli Skottyň
“Guççi” filminde bilgir aýalyň rolyny oýnaýar.
2021-nji ýylda Salma Haýekiň ilkinji gezek super gahrymanyň rolyny ýerine
ýetiren "Ebediler" filimiň çykýandygyny ýatladýarys. Aktrisa, Anjelina Joli bilen
baş keşbi janlandyrdy we toplumda onuň bilen işlemekden hoşal boldy.